Group-IB-iň kiberhowpsuzlyk hünärmenleri iOS üçin GoldPickaxe.iOS atly täze troýan tapdy. “Helpnetsecurity”-niň habar bermegine görä, ol bank troýanlary bilen tanalýan haker tarapyndan işlenip düzüldi. GoldPickaxe.iOS biometrik maglumatlary (Face ID we Touch ID), şahsyýetnamalary (pasport maglumatlary, sürüjilik şahadatnamasy), SMS habarlary, tassyklama kodlaryny we parollary ogurlamaga ukyply. Bu kezzaplygyň täze usuly. Päliýamanlar ogurlanan maglumatlary pidanyň ýüzüni özüniňkä çalyşmak we bank hasaplaryna girmäge elýeterlilik döretmek üçin ulanyp bilerler. Troýan döwlet hyzmatlarynyň - banklaryň, döwlet hyzmatlarynyň goşundylary hökmünde gizlenýär we, esasan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde: Tailandda, Wýetnamda ýaýradylýar. Hünärmenler munuň iOS ykjam operasiýa ulgamyny nyşana alýan zyýanly programma üpjünçiliginiň seýrek ýagdaýdygyny bellediler. Group-IB ygtybarly parollary we iki faktorly autentifikasiýany ulanyp, resmi däl çeşmelerden programmalary ýükläp almazlygy maslahat berýär.