«Microsoft» kompaniýasy bukletleri, senenamalary, wizitkalary we logotipleri döretmäge mümkinçilik berýän «Publisher» ykjam goşundysyndan ýüz öwürmekçidigini mälim etdi. Programma 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Microsoft 365» bukjasyndan aýrylar diýip, kompaniýanyň web sahypasynda aýdylýar. «Microsoft-yň» bellemegine görä, «Publisher-iň» aýratynlyklarynyň köpüsi eýýäm «Word» we «PowerPoint» ýaly «Microsoft 365-däki» goşundylarda bar. Şeýle hem kompaniýa «Publisher-iň» iň köp ulanylýan ýagdaýlaryny «Word», «PowerPoint» we «Designer» goşundylaryna girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenýändigini aýtdy. «Publisher-iň» ulanyjylary ykjam goşundyda 2026-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli işläp bilerler. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylyň fewral aýynda «Microsoft» «Publisher-i» hem öz içine alýan «Office 2021 LTSC» goldawyny bes eder. «Microsoft» ulanyjylara bu karary barada öňünden habar berdi. Şeýlelikde, olar üýtgeşmelere uýgunlaşyp, zerurlyklary üçin «Microsoft 365» ekoulgamynyň çäklerindäki ýa-da ondan daşary beýleki gurallary saýlap bilerler. «Microsoft Publisher» 1991-nji ýylda «Windows» üçin özbaşdak ykjam goşundy hökmünde işe girizilipdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir