Maldiw adalarynyň premium awiakompaniýasy «BeOnd» uçuş wagtynda ýolagçylara «Apple Vision Pro» enjamyny hödürlär. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda habar berilýär. «Apple Vision Pro» uçuş wagtyndaky güýmenje mümkinçiliklerini üýtgeder we biz saýlama ýolagçylara bu hyzmaty ilkinji bolup teklip ederis.» diýip, «BeOnd» awiakompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Tero Taskila belledi. «BeOnd-yň» ýolbaşçysynyň bellemegine görä, enjam diňe bir bortdaky kontent ýygyndysyny giňeltmän, eýsem, ýolagçylara Maldiwlerde «bolmaga» mümkinçilik döreder. Şeýle hem ol kompaniýanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Maldiwleriň dynç alyş merkezlerine we gözel künjeklerine wirtual gezelençleri döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. «BeOnd» awiakompaniýasyň täze hyzmaty 2024-nji ýylyň iýul aýynda Maldiwlere howa gatnawlarynda ýola goýlar. Maksatnamanyň mundan beýläk-de giňeldilip-giňeldilmejegi heniz yglan edilmedi. «Apple Vision Pro» enjamy tomusda «WWDC 2023» maslahatynyň çäklerinde hödürlendi.Bu enjam 2-nji fewralda ABŞ-da 3,5 müň dollardan satuwa çykaryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir