«Lenovo» iki sany 13,3 dýuýmlyk OLED ekranly «Yoga Book 9 13IMU9» transformer noutbugyny çykarjakdygyny yglan etdi. Bu barada gazeta.ru «GizmoChina» portalyna salgylanyp habar berýär. Iki OLED displeý hem 2,8K durulyga (2880x1800 piksel), 400 nit ýagtylyga we 100% DCI-P3 reňk şöhlelenmesine eýedir. Enjam «Lenovo Digital Pen 3» stilusy we «Yoga Book 9 KB» Bluetooth klawiaturasy bilen işlemegi goldaýar, şeýle hem wezipä baglylykda, ekranlaryň ýagdaýyny üýtgetmäge ukyplydyr. Mysal üçin, ikinji displeý sensor paneli we klawiatura stendi bolup biler. Noutbugyň öndürijiligine täze «Intel Core Ultra 7 155U» prosessory jogap berýär, şeýle hem ol 32 GB çenli LPDDR5 operatiw ýat we 1 TB çenli SSD goşmaça ýat bilen üpjün edilýär. Şeýle hem enjamda Wi-Fi 6E, Bluetooth 5.3 goldawy, Thunderbolt 4, USB PD 3.0, USB4 goldawly üç sany USB Type-C porty hem-de DisplayPort 2.1 bardyr. Beýleki aýratynlyklara akselerometr, giroskop, ýagtylyk datçigi, Holl datçigi we infragyzyl sensorly 5 megapiksellik kamera girýär. «Lenovo Yoga Book 9» «Dolby Atmos» goldawy bilen umumy güýji 4 Wt bolan dört sany «Bowers & Wilkins» dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. 80 Wt/sagat batareýa zarýad bermezden 9 sagada çenli işlemegi üpjün edýär. Täze önüm «Windows 11» bilen işleýär. «Lenovo Yoga Book 9» noutbugynyň bahasy heniz aýan edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir