Synag enjamy hatardan çykansoň, «Apple» kompaniýasy eplenýän «iPhone» smartfonyny döretmek işini togtatdy. Bu barada «MacRumors» portaly habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, synag maksatly eplenýän «iPhone» smartfonynyň ekrany birnäçe günlük synagdan soň hatardan çykdy, bu bolsa «Apple-i» kompaniýanyň standartlaryna laýyk gelýän displeý döredilýänçä taslamany yza süýşürmäge mejbur etdi. Bellenilmegine görä, «Apple» 2016-njy ýyldan bäri çeýe displeýli «iPhone» döretmegiň üstünde işleýär. Bu döwürde kompaniýa «Samsung» we «LG» ekranlaryny synagdan geçirdi. Şeýle hem ozal «Apple» kompaniýasynyň iki eplenýän «iPhone» smartfonynyň birbada iki sany prototipiniň üstünde işleýändigi habar berlipdi. Bu çözgüdiň çeýe «iPad» öndürmek bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkin. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, «Apple» eplenýän planşet döretmek bilen has gyzyklanýar, sebäbi şeýle enjama tehniki talaplar «iPhone-dan» has pes bolar. Fewral aýynda «The Elec» neşiri «Apple» kompaniýasynyň 7-8 dýuým ekranly ilkinji eplenýän enjamy döretmegi göz öňünde tutýandygyny, onuň «iPad mini-niň» ornuny tutup biljekdigini habar beripdi.