«OnePlus» 256 GB ýady bolan täze «OnePlus 12R» smartfonyny satyn alanlar üçin öwez tölegi (kompensasiýa) maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi. Bu barada «Mobiltelefon» portaly «OnePlus-yň» wekiliniň kompaniýanyň forumynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär. Öwez töleginiň tölenmegi kompaniýanyň web sahypasynda «OnePlus 12R» smartfonynyň ýadynyň nädogry görkezilmegi – UFS 3.1 ýerine UFS 4.0 diýlip bellenilmegi bilen baglanyşyklydyr. Tanyşdyrylyş dabarasyndan gysga wagt soň kompaniýa ýalňyşlygy ýüze çykardy we web sahypa üýtgetmeler girizdi. Şeýle-de bolsa, ilkinji alyjylar enjamdan başga aýratynlyklara garaşýardylar. Öwez tölegi maksatnamasy 2024-nji ýylyň 16-njy martyna çenli hereket eder. Onda serişdeleri yzyna gaýtaryp bermek we «indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak» mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Munuň üçin müşderiler hereket edýän kepillik talony we kwitansiýasy bilen iň ýakyndaky «OnePlus» kompaniýasynyň hyzmat ediş merkezine barmaly. «OnePlus 12R» fewral aýynyň başynda tanyşdyryldy. Smartfon geçen ýylky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi we 50 MP esasy datçigi bolan üç kamera bilen üpjün edildi. 16/256 GB ýady bolan nusganyň bahasy Ýewropada 699 funt.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir