Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy Günorta Amerikada 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary üçin saýlama ýaryşynyň final tapgyrynyň oýnunda Argentinanyň toparyndan utuldy. Duşuşyk Karakasda geçirildi we 1:0 hasabynda argentinalylaryň peýdasyna tamamlandy. 78-nji minutda Lusiano Gondu gol geçirdi. Günüň beýleki bir oýnunda Paragwaýyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň toparyny utdy – 2:0. Gollary Diego Gomes (48-nji minut, penaltiden) we Marselo Peres (75) öz hasabyna ýazdy. Paragwaýlylar 7 utuk gazanyp, ýaryş jedwelinde birinji orny eýelediler. Ikinji orunda 5 utuk bilen argentinalylar ýerleşdi. Toparlaryň ikisi-de 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlandylar. Braziliýanyň topary 3 utuk gazanyp, üçünji orny eýeledi, wenesuelalylar (1 utuk) kwarteti jemlediler. Argentinanyň milli ýygyndysy Olimpidada onunjy gezek oýnar. Paragwaýlylar üçünji gezek saýlandylar, olar Oýunlara 2004-nji ýyldan bäri gatnaşmadylar. Braziliýanyň topary öňki iki Olimpiýa ýaryşynda ýeňiji boldy (2016, 2021). Soňky gezek topar Olimpiada 2004-nji ýylda saýlanyp bilmedi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir