Emeli aňy işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan OpenAI-yň başlygy Sem Altman AI-niň tizleşdirijileri üçin çip öndürýän kärhanalary gurmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin ol birnäçe trillion dollarlyk maýa goýumyny çekmek isleýär diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Neşir geljekde AI durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşanda şeýle çipleriň uly islege eýe boljakdygyny belleýär. Çeşmäniň çaklamagyna görä, Altman bu işe 5-7 trillion dollar aralygyndaky maýa goýumlaryny çekmek isleýär. Bu häzirki bar bolan týarymgeçiriji öndürýän iň gymmat zawodlaryň bahasyndan on esse köp. Bu mukdaryň näderejede uludygyna düşünmek üçin şuny belläliň: ýarymgeçiriji pudagy tutuşlygyna geçen ýyl 527 milliard dollar gazandy we diňe 2030-njy ýyla çenli 1 trillion dollara ýeter diýlip çaklanylýar. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, Altman OpenAI-y, maýadarlary, şertnama esasynda ýarymgeçiriji öndürijileri we energiýa bilen üpjün edijileri öz içine alýan bilelikdäki kärhana döretmegi göz öňünde tutýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir