J.D.Power amerikan agentligi awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 35-nji ýyllyk Vehicle Dependability Study reýtingini hödürledi. Bu ýyl Toyota kompaniýasy ýeňiş gazandy. Bu barada ixbt.com belleýär. Öz golçur brendi Lexus bilen bilelikde kompaniýanyň öz kategoriýalarynda iň ygtybarly dokuz modeli bar. Olara Toyota Corolla, Camry, 4Runner, Tundra we Tacoma, Lexus IS, ES, NX we RX degişlidir. Şeýle-de, Chevrolet hem gowy çykyş etdi – öz kategoriýalarynda iň ygtybarlylar Equinox, Tahoe we Traverse boldy. Porsche-de iň ygtybarly sportkar – bu Porsche 718 Cayman. BMW-niň iň ygtybarly awtomobilleri X1 we X6 krossowerleridir. Eger brendler barada gürrüň etsek, bu ýerde birinji orny Lexus eýeledi: 100 awtomobil üçin bary-ýogy 135 nägilelik. Onuň yzyndan Toyota (147) we Buick (149), Chevrolet we Mini (hersinde 174) gelýär. Reýtingiň iň aşaky orunlaryny Chrysler (310), Audi (275), Land Rover (268), Volkswagen (267) we Tesla (252) eýeledi. Şeýle-de, agentligiň gözlegleri awtoulaglaryň ygtybarlylygynyň peselýändigini görkezdi, sebäbi ortaça PP100 derejesi bir ýyl ozalky 186 punkta garşy 190 punkt boldy. Aýratynam, elektromobiller bilen bagly mesele köp, olarda PP100 görkezijisi 256-a deň. Elektromobil eýeleri, esasan, ýokary kuwwatlylyk sebäpli çalt zaýalanýan şinalardan zeýrenýärler. J.D.Power-iň gözlegleriniň dowamynda awtomobillerini üç ýyl ulanan adamlardan pikir soraşma geçirildi. Olara motordan başlap, salona çenli dokuz kategoriýa bölnen soraglar berildi. Belli bir modele nägilelik näçe az bolsa, şonça-da awtomobiliň we onuň öndürijisiniň reýtingi ýokary bolýar. Pikir soraşmanyň netijesinde analitikler PP100 (100 model üçin şikaýatlaryň sany) görkezijisini çykarýarlar we onuň esasynda reýting düzýärler.