Kwant kompýuterleri hasaplaýyş tehnologiýasynda rewolýusiýany wada berýär, ýöne olaryň esasy meselesi bitleriň kwant analoglary bolan kubitlerde ýalňyşlyk ýygylygynyň ýokary bolmagydyr. Garward uniwersitetiniň QuEra amerikan startapy maglumatlary we hasaplamalary dublirleýän logiki kubitleriň kömegi bilen bu meseläni çözendigini habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär. Startap 2024-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde ilkinji durnukly (näsazlyga durnukly) kwant kompýuterini işe girizmegi meýilleşdirýär. Onuň kuwwaty 256 fiziki kubite we 10 logiki kubite deň bolar. 2026-njy ýyla çenli startap kuwwatlylygy 10 müň fiziki kubite we 100 logiki kubite çenli artdyrmak isleýär. Netijede, bu islendik döwrebap superkompýuterlerden öňe geçmäge mümkinçilik berer. Kwant kompýuterleri hasaplaýyş işlerini adaty kompýuterler ýaly yzygiderli däl-de, parallel ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu hem olary kriptografiýa, optimizasiýalaşdyrma, maşyn bilimi we emeli aň ýaly çylşyrymly meseleleri çözmek üçin has tiz we netijeli edýär.