Google tehnologiýa ägirdi Ýewropada we beýleki ýurtlarda emeli aň bilen işlemek başarnyklarynyň öwredilmegine 25 mln ýewro gönükdirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada korporasiýanyň resmi blogyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. AI Opportunity Initiative başlangyjy sosial kärhanalara we täjirçilik däl guramalara hem-de öz ösüşi üçin emeli aňdan peýdalanýan kompaniýalara gönükdirilendir. Bu kärhanalaryň işgärleriniň goşmaça bilim almagyna görkezilen mukdardan 10 mln ýewro bölünip berler. Google neýroulgamlaryň mümkinçiliklerini öwrenmegiň we ulanmagyň ykdysady deňsizlige we işsizlige garşy göreşe ýardam edýändigini belleýär. “Täze maksatnama Ýewropadaky adamlara emeli aň pudagynda öz bilimlerini, başarnyklaryny we ynamyny artdyrmaga kömek etmek bilen, hiç kimiň yzda galmajakdygyny kepillendirýär” – diýip, Google-yň Jemgyýetçilik täsiri merkeziniň ýerine ýetiriji müdiri Adrian Braun belleýär. AI Opportunity Initiative emeli aň boýunça mugt esasy okuwlaryň goldawynyň 18 dile çenli giňeldilmegini öz içine alýar. Okuwlar giriş emeli aň başarnyklary boýunça modullardan ybarat.