13-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi. Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. Munuň üçin ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilen uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy. Işewür döwlet Baştutanyna hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça geçirilen netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdiklerini nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir