Hytaýyň «Xiaomi» korporasiýasy fewral aýynyň ahyrynda «14 Ultra» täze flagman smartfonyny çykarar. Bu barada lenta.ru «Android Authority» neşirine salgylanyp habar berýär. Bu smartfon ilkinji enjamlary oktýabr aýynyň ahyrynda tanyşdyrylan «Xiaomi 14» maşgalasynyň dowamy bolar. Smartfonyň tapawutly aýratynlygy titan korpusa eýe bolmagydyr. Şeýle hem täze enjam «Qualcomm» flagman prosessoryna, 12 gigabaýt operatiw ýada we 256 gigabaýt goşmaça ýada eýe bolar. Enjamyň iň ýokary modifikasiýasy 16 gigabaýt operatiw ýat we 1 terabaýt goşmaça ýat bilen üpjün ediler. Pul tygşytlamak üçin kompaniýa 24 gigabaýt operatiw ýatly nusgalary öndürmekden ýüz öwürdi. «Xiaomi 14 Ultra» «Mobile World Congress 2024» sergisinde tanyşdyrylar. Sergi 26 – 29-njy fewral aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçiriler.