2023/2024 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlary boldy. 14-nji fewrala geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) “Kopengagen” – “Mançester Siti” we “RB Leýpsig” – “Real” duşuşyklary geçirildi. Ýaryşyň häzirki eýesi “Mançester Siti” myhmançylykda Daniýanyň “Kopengagen” klubuny utdy. Duşuşyk Kopengagendäki “Parken Stedium” stadionynda geçirildi we 3:1 hasabynda “ManSitiniň” peýdasyna tamamlandy. 10-njy minutda ýarym goragçy Kewin de Brýoýne hasaby açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda “Kopengageniň” oýunçylaryna Magnus Mattssonyň goly bilen hasaby deňlemek başartdy. Ýöne arakesmeden öň, iňlis topary ýene bir gol geçirdi – Bernardu Silwa tapawutlandy. Fil Foden duşuşygyň ahyrky minutlarynda gutarnykly hasaby kesgitledi. Jogap oýny 7-nji martda 1:00-da (Aşgabat wagty bilen) Angliýada geçiriler. “RB Leýpsig” nemes kluby öz öýünde Madridiň “Realyndan” utuldy, muňa garamazdan, oýun gyzgalaňly geçdi. Eýýäm ikinji minutda nemes klubunyň hüjümçisi Benýamin Şeşko gol geçirdi, ýöne WAR-a seredilenden soň gol ofsaýd sebäpli ýatyryldy. Oýunda ýeke-täk gol 48-nji minutda madridlileriň oýunçysy Braim Dias tarapyndan girizildi. Jogap oýny 7-nji martda 1:00-da (Aşgabat wagty bilen) Madridde geçiriler. 15-nji fewrala geçilýän gije 1/8 finalyň ýene iki oýny geçiriler: Fransiýanyň “PSŽ” kluby Ispaniýanyň “Real Sosýedad” toparyny kabul eder, Italiýanyň “Lasio” kluby bolsa Mýunheniň “Bawariýasy” bilen oýnar. Oýunlar Aşgabat wagty bilen 1:00-da başlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir