Aziýanyň Kubogynyň Iordaniýanyň we Kataryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky final oýny tamamlandy. Toparlar Kataryň Lusail şäherindäki “Lusail Aýkonik” stadionynda duşuşdylar. Oýun Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlandy. Ýaryşyň eýeleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. 22-nji minutda Kataryň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Akram Afif penaltiden gol girizip, toparyny öňe çykardy. Iordaniýa 67-nji minutda hüjümçi Ýazan Al-Naýmatyň gol geçirmegi netijesinde hasaby deňledi. Ýöne bäş minutdan soň katarlylar ýene-de 11 metrlik urgyny ýerine ýetirmäge hukuk gazandylar we netijede Afif gol girizdi. 90+4-nji minutda Akram ýene penaltiden gol geçirip, het-trik etdi. Ýatlap geçsek, Kataryň milli ýygyndysy bu kuboga Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen 2019-njy ýylyň ýaryşynda eýe boldy. Aziýanyň Kubogynda iň köp ýeňiş Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň hasabyndadyr. Bu ýurduň futbolçylary dört gezek kubogyň eýesi boldular.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir