IXBT.com-nyň habar bermegine görä, Apple kompaniýasy öz meşhur iPhone 16 Pro Max-yna bäsdeşlik döretmezlik üçin iPhone 16 Plus-yň batareýasyny emeli usulda peselder. Majin Bu-nyň insaýderinden alnan maglumata görä, iPhone 16 Plus 4006 mAh sygym alar. Bu, hatda, iPhone 15 Plus -den hem pes - 4,383 mAh. Ýöne IPhone 16 Pro Max 4676 mAh kuwwatly batareýa bilen üpjün ediler, bu, elbetde, smartfonyň zarýad berilmezden işleýiş wagtyna täsir eder. Apple muny şereketiň iň gymmat smartfonyna öwrülmeli iPhone 16 Pro Max-e bolan islegi azaltmazlyk üçin etdi. iPhone 16 we iPhone 16 Plus 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda iPhone 16 Pro hem-de iPhone 16 Pro Max bilen bilelikde satuwa çykarylar. Bahalar we satuwyň başlanýan senesi entek belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir