«Realme» kompaniýasy Ýewropada çäkli mukdarda «12 Pro+» smartfonynyň içi görünýän korpusly nusgasyny çykarar. Bu barada gazeta.ru «GSMArena» neşirine salgylanyp habar berýär. Şeýle smartfonyň suraty «Realme Europe» kompaniýasynyň baş direktory Frensis Wong tarapyndan paýlaşyldy. Surata seretseň, smartfonyň diňe gapagy däl, eýsem, kamera bölümi hem içi görünýän dury görnüşde bolar. Olaryň üsti bilen akkumulýatory, kameranyň aýratyn modullaryny görmek bolýar. Brendiň nyşany gapagyň aşagynda ýerleşdiriler. «Realme 12 Pro+» «Realme 12 Pro» bilen bilelikde 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda satuwa çykaryldy. Iki enjam hem 120 Hz çenli täzeleniş tizligi bolan egreldilen 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekran we 67 Wt tiz zarýad beriji goldawy bolan 5000 mA/s sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi. «12 Pro+» modeli «Snapdragon 7s Gen 2» çipine, 12 GB operatiw ýada we 256 GB goşmaça ýada, şeýle hem has kuwwatly kamera ulgamyna eýedir. Ol 50 MP esasy obýektiwi, 3 esse optiki zum mümkinçiligi bolan 64 MP periskop teleobýektiwini, şeýle hem 8 MP ultra giň burçly kamerany öz içine alýar. Resmi taýdan «Realme 12 Pro+» häzirlikçe diňe Hindistanda tanyşdyryldy. Bu ýurtda smartfon 30 müň rupiýa bahadan satylýar, bu bolsa ABŞ-nyň 360 dollaryna golaýdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir