Russiýanyň «Ýandeks» IT kompaniýasynyň eýeçiligindäki «Ýandeks Market» söwda platformasy özüniň «Lunnen» atly elektronika brendini döretdi. Bu barada maglumatlar gözleg ulgamynyň resmi web sahypasynda peýda boldy. Brendiň ilkinji önümleri iki noutbuk modeli: «Lunnen Grand 15» we «Lunnen Grand 16» boldy. «Grand 15-de» 1920-ä 1080 piksel durulykly 15 dýuýmlyk IPS ekran, 512 GB hemişelik ýat we bir USB-C porty, üç USB-A we HDMI porty bilen üpjün edildi. Täze enjamyň öndürijiligine 16 GB operatiw ýat we alty ýadroly «AMD Ryzen 5 5500U» prosessory jogap berýär. Öz gezeginde, «Grand 16» 16 dýuýmlyk ekrana, 512 GB hemişelik ýada, şeýle hem iki USB-C portyna, üç USB-A we bir HDMI portyna eýedir. Enjam sekiz ýadroly «AMD Ryzen 7 5800U» prosessory bilen işleýär we 16 GB operatiw ýat bilen üpjün edilendir. Iki model hem demir korpusa eýedir, olar bir zarýadda 7 sagada çenli işläp bilýärler we öňünden gurnalan «Windows 11 Home» bilen satylýarlar. «Lunnen Grand 15» 42,5 müň rubl, «Grand 16» bolsa 47,5 müň rubl bahadan satylýar. «Ýandeks Market» web sahypasynda çap edilen mahabat materiallaryna seretseň, «Lunnen» toplumyna ýakyn wagtda diňe bir planşet däl, eýsem, monitor ýa-da monoblok hem goşular.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir