Microsoft bazar bahasynda Apple-den öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrüldi. Soňky iki hepdäniň dowamynda onuň bahasy 0,12 trillion dollar artyp, 3,12 trillion dollara ýetdi. Microsoft iň ýokary nokady 2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda 3,09 trillion dollara ýeten Apple-iň rekordyndan öňe geçdi. Apple häzirki wagtda 2,92 trillion dollarlyk maýa goýumy bilen iň gymmat kompaniýalaryň sanawynda ikinji ýerde durýar. Microsoft öz bulut hyzmatlarynyň, oýunlarynyň, ofis programmalarynyň we emeli aňynyň ösüşi arkaly yzygiderli girdeji we düşewünt ösüşini görkezdi. Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella kompaniýanyň öz müşderilerini we hyzmatdaşlaryny has öndürijilikli, innowasiýa we bäsdeşlige ukyply iň oňat tehnologiýa çözgütleri bilen üpjün etmegi maksat edinýändigini aýtdy. Soňky döwürde ýokary tehnologiýaly kompaniýalaryň köpüsiniň kapitalizasiýasy işjeň ösýär, “çig mal” Saudi Aramco-nyň kapitalizasiýasy bolsa azalýar, iň gymmat kompaniýalaryň dünýä reýtinginde bolsa henizem ynamly üçünji orunda durýar.