Microsoft korporasiýasy 2025-nji ýyla çenli Hindistanyň 2 mln ýaşaýjysyna emeli aňdan peýdalanmak başarnyklaryny öwretmegi maksat edinýän ADVANTA(I)GE INDIA maksatnamasyny hödürledi. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Satýa Nadella Hindistana resmi sapary wagtynda aýtdy diýip, kommersant.ru habar berýär. Mumbaýda biznes wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Nadella kompaniýalary öndürijiligi we önümiň hilini ýokarlandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanmaga çagyrdy. Korporasiýanyň hasabyna görä, hindi kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň 90%-i işgärlere emeli aňy ulanmak başarnyklarynyň zerurdygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, işçileriň 78%-i emeli aň pudagyndaky öz bilimlerini we başarnyklaryny aktual meseleleri çözmek üçin ýeterlik däl hasaplaýar. Microsoft orta we kiçi şäherlerde, şeýle-de oba ýerlerinde hindistanlylary emeli aň bilen işlemek başarnyklary boýunça okadyp başlar. Okuw ýerli iş merkezleri, mekdepler, kollejler we uniwersitetler arkaly alnyp barlar. Onuň şäherlerde 500 müň talyby we Hindistanyň uzak sebitlerinde 400 müň mekdep okuwçysyny özüne çekmegine garaşylýar. Mundan başga-da, kompaniýa Hindistanyň 250 müň döwlet işgäriniň hünärini ýokarlandyrmagy we ýurduň 2,5 müň täjirçilik däl guramalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär, olar hem, öz gezeginde, emeli aň bilen işlemegi ýene 750 müň adama öwredip biler. Bu maksatnamanyň çäginde Microsoft 2024-nji ýylyň aprel aýynda Hindistanyň täjirçilik däl guramalarynyň ýolbaşçylary üçin sammit geçirmekçi bolýar. Kompaniýa okuw üçin zerur ähli enjamlar we programma üpjünçiligi bilen üpjün eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir