2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasy Hytaýda awtomobil satuwy boýunça öňdebaryjy boldy. Bu barada Hytaýyň Ýeňil awtoulaglar assosiasiýasyna salgylanyp, CarNewsChina ýazýar. Muny ixbt.com ýetirýär. Volkswagen 11 aý bäri birinji orny eýeleýän Hytaýyň BYD konserninden öňe geçmegi başardy. Ýanwar aýynda Volkswagen 209,5 müň awtoulag satdy, bu 10,29% bazar paýyna deňdir. BYD 191,1 müň awtoulag satyp, ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda 141,7 müň satylan awtoulag bilen Toyota ýerleşdi. Ýanwar aýynda Hytaý bazarynda iň meşhur modeller Changan CS75 Plus (50 494 birlik), Volkswagen Lavida (32 419 birlik) we BYD Song Plus (32 267 birlik) boldy. Şeýle-de, ilkinji onluga Nissan Sylphy, Aito Wenjie M7, Tesla Model Y, BYD Qin Plus, BYD Seagull, Volkswagen Sagitar we Honda CR-V girdi. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýda täze ýeňil awtoulaglaryň umumy satuw möçberi 2,04 mln birlik bolup, bu geçen ýylyň görkezijisinden 57,4% ýokarydyr. Elektromobilleriň we gibrid awtoulaglaryň paýy umumy möçberden 33,8%-e deň boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir