Google tehnologiýa korporasiýasy emeli aňa esaslanýan Bard çat-botunyň adynyň Gemini diýlip üýtgedilendigini mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň resmi bloguna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Gemini-niň işleýşi Bard-dan tapawutlanmaýar. Çat-bot maglumatlary gözlemäge, tekst we şekil döretmäge ukyply. Bu elektron hatlary, elektron jedwelleri düzmäge we beýleki iş ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýän Gmail we Google Docs ýaly Google Workspace programmalaryndaky emeli aň funksiýalaryna-da degişlidir. Ulanyjylar Gemini-niň programma görnüşinde mugt wersiýasyndan peýdalanyp bilerler. Ol Android-de Google Play programmalar dükanynda elýeterlidir. iOS gurluşlarynyň eýeleri çat-bota täzelenen Google programmasynyň üsti bilen elýeterli bolup bilerler. Şeýle-de, kompaniýa aýda 20 dollar baha bilen emeli aňyň has güýçli Gemini Ultra wersiýasyna tölegli elýeterliligi hödürleýär. Kompaniýa Ultra modeliniň dowamly gepleşikleri saklamaga we has köp kontekst hödürlemäge ukyplydygyny, şeýle-de programmirleme we logiki meseleleri çözmek üçin has amatlydygyny belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir