Toyota kompaniýasy Corolla Cross krossoweriniň 2024-nji ýyl üçin täzelenen görnüşini hödürledi. Täze awtoulag gibrid hereketlendirijilerine, täze dizaýnly yşyk diodly faralara, üçekde panorama lýugyna we beýleki birnäçe täzeliklere eýe boldy. Model Günorta-Gündogar Aziýada dört görnüşde satylar diýip, ixbt.com habar berýär. Corolla Cross 2024 kuwwaty 140 at güýjüne deň bolan 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir. Gibrid görnüşinde 98 at güýjündäki içerki ýangyn hereketlendirijisi we ýangyç harçlanyşyny hem-de zyýanly maddalaryň zyňylmagyny azaltmaga mümkinçilik berýän 72 at güýjündäki elektromotor ulanylýar. Yşyk diodly faralardan we panorama lýugyndan başga-da, täze model elektropriwod bilen yzky gapa we 18 dýuýmlyk ýeňil erginden ýasalan disklere eýe boldy. Täze awtomobiliň salonynda 12,3 dýuýmlyk doly sanly displeý oturdyldy, ol awtomobiliň ýagdaýy barada ähli zerur maglumatlary görkezýär. Şeýle-de, Apple CarPlay we Android Auto simsiz tehnologiýalaryny goldaýan 10,1 dýuýmlyk sensor ekrany bar. Sürüjiniň we ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin heläkçilikden öň saklanma, radar kruiz dolandyryşy, hereket zolagyndan çykylandygy barada duýduryş, awtomatiki uzakdaky yşyk ýaly sistemalar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, Auto Hold funksiýaly elektrik duralga tormozy we ýedi howpsuzlyk ýassygyndan ybarat komplekt bar. 2024-nji ýylyň Corolla Cross krossoweri ýakyn wagtda Günorta-Gündogar Aziýada satuwa çykar. Baha we beýleki bazarlara çykyş senesi heniz habar berilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir