“Sportico” žurnaly 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan türgenleriň Top-100 reýtingini düzdi. Report agentliginiň habar bermegine görä, birinji orny “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeledi. 2023-nji ýylda futbolçy 275 mln dollar gazandy (60 mln dollar hemaýatkärlerden). Futbolçy klub bilen şertnamany 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda baglaşdy, onuň çäginde ol ýylda 200 mln ýewro alýar. Şeýle-de, portugaliýaly we onuň maşgalasy üçin goşmaça bonuslaryň bardygy habar berildi. Ikinji orny eýelän golfçy Jon Ramyň girdejisi 72 mln dollar az. 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň baý türgenleriň üçlügini “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi jemledi. Häzirki dünýä çempiony 130 mln dollar gazandy. Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde: Kriştianu Ronaldu (futbol) – 275 mln dollar; Jon Ram (golf) – 203 mln dollar; Lionel Messi (futbol) – 130 mln dollar; Lebron Jeýms (basketbol) – 125,7 mln dollar; Kilian Mbappe (futbol) – 125 mln dollar; Neýmar (futbol) – 121 mln dollar; Stefen Karri (basketbol) – 98,9 mln dollar; Ýannis Adetokumbo (basketbol) – 88,4 mln dollar; Kewin Dýurant (Basketbol) – 86,9 mln dollar; Patrik Mahoums (amerikan futboly) – 84,3 mln dollar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir