Apple kompaniýasy Windows 10 we 11 üçin üç hyzmatyň soňky wersiýalaryny çykardy: Apple TV filmlere we seriallara tomaşa etmek üçin, Apple Music aýdym-saz diňlemek üçin we Apple Devices gurluşlary dolandyrmak üçin. Olar ýükläp almak üçin Microsoft Store-da elýeterlidir. Öň programmalar açyk synag tapgyryndady. Bu barada The Verge web-saýtyna salgylanyp, vc.ru ýazýar. Programmalar iTunes-iň esasy funksiýalarynyň ornuny tutmaly. Kompaniýa bu programmalary Microsoft-yň goldaw bermeginde işläp düzdi. Microsoft Store-yň baş arhitektory Rudi Haýn X sosial ulgamynda Apple-i programmalaryň işe girizilmegi bilen gutlady. Bu programmalar çykandan soň, iTunes diňe podkastlar we audio-kitaplar üçin gerek bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir