2023-nji ýylda iň köp satylan 10 smartfon ýerlenilen bir milliarddan gowrak smartfonuň 246 millionyny emele getirýär. Bu barada «Canalys» analitika firmasynyň hasabatynda bellenilýär, kompaniýa hasabaty özüniň «X» (Twitter) sahypasynda paýlaşdy. 34 million enjam satuwy bilen birinji ýeri «iPhone 14 Pro Max» modeli eýeledi. «iPhone 15 Pro Max» 33 million enjam görkezijisi bilen kümüş medal aldy. Öz gezeginde, adaty «iPhone 14» smartfonundan 29 million sanysy satylyp, ol üçünji ýeri eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga «iPhone 14 Pro» (29 million enjam), adaty «iPhone 13» (23 million enjam), «Samsung Galaxy A14 4G» (21 million enjam), «iPhone 15 Pro» (21 million enjam), «Samsung Galaxy A54 5G» (20 million enjam), «Samsung Galaxy A14 5G» (19 million enjam) we adaty «iPhone 15» (17 million enjam) girdi. «2023-nji ýylda dünýäde iň köp satylan 10 smartfon modeliniň sanawynda ýedi sany «Apple» enjamy we üç sany «Samsung» enjamy bar. Bu «iPhone Pro-nyň» iň köp satylan smartfonlaryň ýyllyk reýtinginde birinji orny eýelän ilkinji ýyly boldy, bu bolsa premium derejeli segmentiň bazarynyň ösýändigini görkezýär» diýip, «Canalys» kompaniýasy bu sanawy teswirledi. «Canalys» kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň dowamynda 1,14 milliard smartfon satyldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 4 göterim azdyr.