Saud Arabystanyndan maýadarlar Italiýanyň “Roma” futbol klubuny satyn almak isleýärler. Bu barada “La Repubblica” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, taraplaryň arasyndaky gepleşikler eýýäm başlandy, Rim klubunyň hukuk bölüminiň başlygy Er-Riýadda. Maýadarlar klub üçin 900 mln ýewro teklip etmäge hem-de täze stadionyň gurluşygy üçin ýene 300 mln ýewro bermäge taýýar. Ýöne meýdançanyň taslamasy üçin Rim häkimiýetiniň razylygy gerek. Belläp geçsek, “Romanyň” potensial eýeleriniň biri “Nýukasla” eýeçilik edýän Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasy (PIF) bolup biler. Geçen tomus klubuň eýesi Den Fridkin ony 1 mlrd ýewro satmakdan ýüz öwürdi. Häzirki möwsümde Seriýa A-nyň 23 tapgyryndan soň “Roma” 38 utuk bilen ýaryş jedwelinde bäşinji orny eýeleýär. Şeýle-de, klub ýewrokuboklara gatnaşmagyny dowam etdirýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir