gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý: watany terk edip, gidiji bolma! özüňden egsik bir gaýry namardyň hyzmatynda gulluk ediji bolma! hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada, ata-babasyndan beýik begzada, her çent eger bolsa aj-u uftada, ýanyndan bir zaman gidiji bolma! akmaýyn galmazdyr bir akan aryk, bir tende adam ki, semizdir aryk, bar ýüzi burukdyr, ýok ýüzi çirik, çirik diýip, gaty söz aýdyjy bolma! ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk, asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk, aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk, ýüwrükni çamanga satyjy bolma! bir nesihat bereý, pendimi alsaň, i̇mtiýaz eýlegil, otursaň-tursaň, i̇degsiz-habarsyz bir ýere barsaň, kişi aşynyň duzun dadyjy bolma! çagyrlan ýere bar, oturgyl, turma, çagyrylmagan ýere görünme, barma, uýalmas kişi dek süýrenip ýörme, buýrulmagan işi ediji bolma. eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym, sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym, gulagyma bergen pendiň alaýym, kişige gaty söz aýdyjy bolma. nem düşmese gökden, ýer neý götermez, ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez, är ýigit köňlüne gaýgy getirmez, namart ogly deýin gaýgyçy bolma. mert oguldyr, ilge ýaýar desterhan, dogry söz üstünde berer şirin jan, ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan, jäht eýläp ýalan söz aýdyjy bolma. sahty-dil kükregi hergiz boş bolmaz, herniçe şatlansa, köňli hoş bolmaz, i̇ki ýagşy bir-birewge duş bolmaz, ýagşyny ýamana çatyjy bolma. töwekgel ner erer, endişe – maýa, köňlüňni iberme her kaýsy jaýa, barçanyň yşanjy kadyr allaýa – alladan özgäge söýenji bolma. okur bolsaň, ok ur nebsiň gözüne, gara, çyn göz bile müshef ýüzüne, aldanyp girmegil şeýtan sözüne, allanyň emrine goýgujy bolma. eger bolsun diýseň ýeňil, agyrlar, çykgyl bir ýana, tä, birýan bagyrlar, ýoluksa gözüňe güň-u sagyrlar, olaryň halyga gülüji bolma. kiçiklikden ybadatga boýun goý, kyýamatnyň oýun kylsaň, oýun goý, terk edip dünýäni, zowk-u toýun goý, gir pena ýoluga, gaýtgujy bolma. uruglyg men diýme, taňla urug bar, hasab-u mana-ýu wezn, sorag bar, ýalançy bende, miz, sansyz durag bar, bilip, ýalgan sözni aýdyjy bolma. meý içseň mertebe hezar haşrda, otny ur kagbaga taryky-künçde, kurany köýdürip, butga kyl sejde, merdumga azar iş ediji bolma. ger tapsaň dünýäde mülki i̇sgender, karunyň maly hem bolsa miýesser, ahyry bolar sen ýerge barabar, köňülde men-menlik ediji bolma. eger çendi bolsaň sahyby-mansap, sözün diňle, köňül bozgunça teňläp, söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bil hiff, goldan gelmez işni ediji bolma. daň atsa, mollalar çagyrar azan, bozulmazdyr hergiz kysmatda ýazan, ýigitlik bossandyr, garrylyk – hazan, tesbihden özge söz aýdyjy bolma. aýdarlar: “ýyrtyk don görse, it gapar”, “päli ýaman bende, hudadan tapar”, ahyry bir güni kylar sen sapar, dar köňül pyglyny tutujy bolma. kitabyn açyban okyp molla diýr, gögeredir ýagmyr suwy birle ýer, alkyşy-fatyha doga bilen är, mazlumga sütemlik ediji bolma. yzzat etgen bile kişi baý bolmaz, her niçe katlansa, mülki şaý bolmaz, jahany talh edip, köňli jaý bolmaz, jennete jaýyňdan gidiji bolma. garrylyk gelgisi bir gün apaty, ýigitlik gitgisi bir gün kuwwaty, ganymat bil, gapyl, bu dem-pursaty, murda dek uzanyp, ýatyjy bolma. i̇tniň balasyny tula azdyrar, hojasy geçirer, bende ýazdyrar, argumak balasy bara ozdurar, bende sen, hojaňa ýazgyjy bolma. döwletli ogullar ýaşda baş bolar, ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar, birehim zalymyň bagry daş bolar, barar ýerge kesek atyjy bolma. är ogul balasy bara beý bolar, gamçynyň astynda ýaman eý bolar, märeke görmegen ýigit neý bolar, geler-gelmez sözü aýdyjy bolma. mümüniň kinesi-keten roýmaly, guraýança bolar ermiş mysaly, köňlüňniň kineden eýlegil hali, küpür dek kinäni tutjy bolma. ey köňül, gelgil sen, hakny tapaly, nebsimiz merkebin münüp çapaly, aýdarlar: hak ermiş mähr-u wepaly, şol sözünden hergiz gaýdyjy bolma. hak ermiş bendäge ýakyndan-ýakyn, kim nesip eýlese muhubbet çakyn, jaýba-jaý getirseň bendelik hakyn, hojanyň buýrugyn goýujy bolma. man diýdim birniçe pendi-nesihat, bilseň nesihatdyr, ýogsa pesihat, pesihat bilmegil, bilgil nesihat, ýalançy sözleri aýdyjy bolma. maksat – bu sözlerni kylgyl ygtybar, umdetil-umra mehter ynak bar, aňlamaý sözleme: “tamda gulak bar”, i̇ç syryň kişige aýdyjy bolma. magtymguly, köňülde köpdür armany, tapmady akybet derde dermany, ýetişer bir güni taňry permany, ruzy-şeb gaflatda ýatyjy
Gidiji bolma
-
ozik
13 years ago
- sag bol goshgyng u.n!
-
xrom
13 years ago
- http://resize.yandex.net/blueribbon.jpg?url=0.tqn.com/d/horror/1/0/i/e/-/-/blueribbon.jpg&precache=trendyd.files.wordpress.com/2010/03/medaille.jpg,www.math.ru/history/fields/6-fieldsmedalback.jpg,&width=240&height=320&typemap=gif:gif;png:png;*:jpeg;×tamp=1303244144&crop=no&key=fb37b5b0867a528de8d70b6285f79d4e
-
xrom
13 years ago
- говы гошги тувелеме
-
guljagaza
13 years ago
- Магтумгулы шахырымыза тай гелжек йокдыр еркек доганлар ве гыз уялар !
-
xrom
13 years ago
- себаби балканын шахырыда догры тай гелджек йок
schastya 13 years ago- magtymguly akyldar shahyr!