Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlar boýunça 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady. Degişli Karara döwlet Baştutany 9-njy fewralda gol çekdi. Oba hojalyk ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi. Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir