Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi. Ak bugdaý etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti anna güni giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, Ak bugdaý etraby welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazandy. Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýene bir Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzy durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2024-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi. Şeýle hem resminama bilen, 2024-nji ýylyň jemleri babatda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda we Aşgabat şäherinde iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi. Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir