Android enjamlary täzelenmeleri gurmagyň zerurlygy barada duýduryş berýän doly ekranly habarnamalary görkezip başlar diýip, Android Police-e salgylanýan Ferra ýazýar. Geljekki habarnamalar baradaky maglumatlar Google Android Developers Blog-da peýda boldy. Olarda: "Täzelenme elýeter" we "Bu programmany ulanmak üçin iň soňky wersiýasyny ýükläp almagyňyzy haýyş edýäris" ýazgylary bolar. Sahypanyň aşagynda programmanyň ady we ol baradaky jikme-jiklikler bolar - setiriniň aşagynda "Täzelenmede näme täzelik" diýen ýazgy durar. Ulanyjylar üçin iki düwme goýlan - “Has giňişleýin maglumat” we “Täzelenme”. Täze guralyň işläp düzüjilere önümleriniň häzirki wersiýalaryny goldamagy we ulanyjylaryň enjamlarynyň hem-de OS gurluşlarynyň häzirki wersiýasyna laýyk gelmegini üpjün etmek üçin döredilendigi bellendi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir