Daniýanyň Tehniki uniwersitetiniň alymlary howanyň birbada üýtgemeginiň Arktikadaky deňiz landşaftyny üýtgedip, Grenlandiýanyň töwereginde köp sanly täze adalaryň peýda bolmagyna getirip biljekdigini anykladylar. Gözleg “Geophysical Research Letters” (GRL) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Hünärmenler Grenlandiýanyň düýp jynsynyň 2013-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 20 santimetr ýokary galandygyny, munuň bolsa ýüzýyllygyň dowamynda iki metre barabardygyny anykladylar. Bu, esasan, topraga düşýän basyşy azaldýan buz örtüginiň ýitmegi bilen baglanyşyklydyr. Gözleg Grenlandiýanyň kenarynyň ugrunda ýerleşýän 61 ölçeg stansiýasyndan ybarat ulgam bolan GNET-iň maglumatlaryna esaslanýar. Grenlandiýanyň ýokary galyş fakty ozaldan hem belli. Bu soňky Buz eýýamynda gury ýeriň galyň buz örtügi bilen basylmagy sebäplidir. Buzluklaryň, takmynan, 12 müň ýyl mundan ozal erändigine garamazdan, ýer buz basyşynyň peselmegi sebäpli henizem ýokary galýar. Mundan başga-da, global maýlama sebäpli buz örtüginiň eremeginiň güýçlenmegi soňky iki onýyllykda Grenlandiýanyň kenarýakasyndaky gury ýeriň goşmaça we has çalt ýokary galmagyna getirdi. “Biziň şu ýyllar Grenlandiýada syn edýän jynslarymyzyň ýokary galşyny diňe bir Buz eýýamyndan soň tebigy prosesler bilen düşündirip bolmaz. GNET-iň maglumatlarynyň kömegi bilen biz howa üýtgemeleri sebäpli gury ýeriň haýsy bölekleriniň ýokary galýandygyny anyk seljerip bileris” – diýip, ylmy işiň awtorlarynyň biri, professor Şafkat Abbas Han belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir