Amerikan tehnologiýa ägirdi Google Niderlandlaryň kenarýakasyndaky deňiz ýel energetika taslamalaryndan gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasy bilen üpjün etmek barada taryhda iň uly şertnamany baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär. Gürrüň Shell energetika korporasiýasy bilen Eneco kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanalary – Crosswind we Ecowende konsorsiumlaryndan 478 megawatt elektrk energiýasyny satyn almak baradadyr. Google üçin elektrik energiýasyny iki sany täze deňiz ýel elektrik stansiýasy Hollandse Kust Noord (HKN) Zone V we Hollandse Kust West (HKW) Site VI öndürer. HKN 2023-nji ýylda ulanylyşa girizildi, HKW-ni bolsa 2026-njy ýyla çenli işe girizmek meýilleşdirilýär. Energiýa Google-yň Niderlandlardaky iki sany maglumat merkezini üpjün etmäge gönükdiriler. Şeýle-de, Google Italiýada, Polşada we Belgiýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri barada ownuk şertnamalary yglan etdi, ýöne gazanylan ylalaşyklar barada hiç hili maliýe maglumatlaryny aýan etmedi. Rekord şertnama Google-yň 2030-njy ýyla çenli maglumat merkezleriniň işini uglerodsyz energiýa bilen üpjün etmek meýilnamasynyň bir bölegi boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir