«Samsung UAE-niň» resmi web sahypasynda ýakyn wagtda çykjak «Galaxy Fit 3» fitnes-trekeri barada maglumatlar paýlaşyldy. Onda täze enjamyň esasy aýratynlyklary beýan edilýär diýip, «Samsung Community» we «Gadgets & Wearables» habar berýär. «Galaxy Fit 3» trekeri IP68+5ATM derejeli suwa garşy gorag ulgamy bolan alýumin korpusa eýe bolar. Onuň agramy, takmynan, 21,39 gram bolup, üç reňkde hödürlener: çal, kümüşsöw we gülgüne-altynsow. Ekranyň ululygy 1,1 dýuýmdan 1,61 dýuýma çenli ulaldylandyr, bu bolsa enjamyň keşbini akylly sagada meňzeş edýär. Ol bir zarýadda, takmynan, 13 gün işläp bilýär. Täze önümde ganyň kislorod derejesini ölçeýji (SpO2) datçik ornaşdyrylandyr, bu aýratynlygy «Apple» akylly sagatlaryna girizmegi göz öňünde tutýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir