Google emeli aň esasly Bard çat-botunyň adyny üýtgetmek isleýär. Kompaniýa ony Gemini diýip atlandyrmak we neýroulgam bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän aýratyn Android programmasyny çykarmak kararyna geldi diýip, 9to5 Google-a salgylanýan 3DNews habar berýär. Bu jikme-jiklikler Internete syzdyrylan üýtgeşmeler žurnalynda (changelog) beýan edilýär. Geçen ýylyň ahyrynda Gemini diýlip atlandyrylýan ösen dil modeli Bard-yň binýadyna öwrüldi. Ýaňy-ýakynda algoritm tekstiň beýany esasynda şekilleri döretmegi başardy, ýöne işläp düzüjiler ýetilen sepgit bilen çäklenmezler, Bard-a ýene-de täze üýtgeşmeler garaşýar. Çeşmäniň habaryna görä, rebrending indiki hepde bolar. Mundan başga-da, ýakyn wagtda AI bilen aragatnaşyk saklamagyň has göni we amatly usulyny hödürleýän, Android üçin ýörite Gemini programmasynyň elýeterli boljakdygy habar berildi. Deslap iňlis dili üçin optimallaşdyrylan Gemini Advanced 150-den gowrak ýurtda satuwa çykar we Google-yň AI-siniň elýeterliligini has giňelder. Mundan başga-da, ulanyjylara kuwwatly Gemini “Ultra 1.0” modeline girmäge mümkinçilik berýän “Gemini Advanced” tölegli abuna 7-nji fewralda başlar diýlip garaşylýar. Bu kämilleşdirilen wersiýa programmirlemek, logiki pikirlenmek, inçe gözükdirmeler we döredijilik ýaly çylşyrymly meselelerde mümkinçilikleri giňeltmegi wada berýär.