Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy täze, elýeter bahaly Redmi A3 smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Enjam brendiň şu ýylky iň arzan smartfonyna öwrüljekdigini wada berýär diýip, PassionateGeekz-e salgylanýan Ferra aýzýar. Bu modelden ozalkylar - Redmi A2 we Redmi A2 + 4G uly üstünlik gazandylar. Täze önüm ünsi çekiji bahany saklamak bilen bir hatarda, kämilleşen aýratynlyklara we täze dizaýna eýe bolar. Redmi A3-de HD + durulykly (1600 x 720 piksel) 6,71 dýuýmlyk LCD displeý bolar, iň ýokary ýagtylygy 400 nit we 90 Hz täzelenme tizligi alar. Enjamyň içinde 4 GB LPDDR4X RAM we 64 GB içerki eMMC 5.1 ýady bilen üsti ýetirilen MediaTek prosessor işleýär. Enjam, hatda, býujet enjamynda-da ulgamyň işlemegini üpjün edýän Android 13 (Go Edition) gutusyndan çykar. Smartfonyň 13 megapiksel esasy we 8 megapiksel öň kamerasy bar. 5000 mAh-lyk batareýa uzak işlemegini we mikroUSB porty arkaly 10 Wt zarýad goldawy batareýanyň çalt dolmagyny üpjün edýär. Beýleki aýratynlyklaryň arasynda 3,5 mm-lik ses razýomy, iki SIM karta, 4G, WiFi we Bluetooth 5.0 üçin goldawyň bardygyny bellemelidiris.