Xiaomi kompaniýasy Poco X6 hatarynyň täze smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Equal Leaks-den çykan habara görä, geljekki Poco X6 Neo-nyň 180 dollardan satyljakdygy mälimdir diýip, Ferra habar berýär. Enjam orta aralyk MediaTek Dimensity 6080 prosessory bilen üpjün ediler, bu eýýäm Xiaomi Redmi Note 13 5G we Tecno Pova 5 Pro ýaly enjamlarda ulanylyp ýör. Smartfonda 33 Wt-lyk çalt zarýad alyjy 5000 mAh akkumulýator bolar. Enjamyň aýratynlygy - onda täzelenme tizligi 120 Hz bolan 6.67 dýuýmlyk AMOLED ekrany bolar. Durulygy we iň ýokary ýagtylygy ýaly, ekranyň takyk aýratynlyklary entek açylmasa-da, smartfonyň IP54 standarta laýyklykda tozandan we suw damjalaryndan goraglydygyny bilýäris.