Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri 2024-nji ýylda degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik ederler. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen kabul edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligine şol binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle-de möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary we desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir