Penşenbe gününe geçilýän gije Afrika milletleriniň kubogynyň ýarym final oýunlary geçiriler. Finalda oýnamak hukugy ugrunda Nigeriýa bilen GAR-yň milli ýygyndylary, şeýle-de Kongo DR bilen Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndylary bäsleşer. Nigeriýa – GAR oýny Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Bilermenler Nigeriýanyň milli ýygyndysyny ýaryşda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýokary topar hasaplaýarlar. Häzirki ýaryşyň bäş oýnunda topar bary-ýogy bir goly sypdyrdy. 1/8 finalda Kameruny (2:0), dörtden bir finalda Angolany (1:0) utdy. GAR-yň milli ýygyndysy 1/8 finalda Marokkodan (2:0), 1/4 finalda Kabo-Werdeden üstün çykdy (0:0, penalti tapgyrynda 2:1). Kongo DR bilen Kot-d’Iwuaryň arasyndaky oýun sagat 1:00-da başlar. Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy A toparçada üçünji orundan pleý-offa çykdy. Topar 1/8 finalda Senegalyň milli ýygyndysyny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy – 1:1 (5:4), ýaryşyň dörtden bir finalynda bolsa Maliniň milli ýygyndysyny utdy (2:1). Kongo DR ýarym finala bäş oýundan bary-ýogy bir oýunda utup çykdy: toparlaýyn tapgyrdaky üç oýun, şeýle-de 1/8 finaldaky Müsür bilen duşuşyk deňme-deň tamamlandy (oýundan soňky penalti tapgyrynda 8:7 hasabynda utdy). Dörtden bir finalda Kongo DR Gwineýanyň toparyny 3:1 hasabynda utdy. 2024-nji ýylda Afrikanyň Kubogy 2024-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan 11-nji fewraly aralygynda Kot-d’Iwuarda geçirilýär. Final oýny ýekşenbe güni, 11-nji fewralda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir