AnTuTu-nyň wersiýasy boýunça Redmi K70E, Redmi K70 Pro we OnePlus 12 baha we öndürijilik taýdan iň gowy smartfonlaryň sanawynda birinji orunda durýar diýip, IXBT.com habar berýär. Üç enjamyň her biri öz baha kategoriýasynda iň gowusy diýlip ykrar edildi. Şeýlelik bilen, bahasy 280 dollara çenli bolan smartfonlaryň kategoriýasynda 8/256 GB konfigurasiýasyndaky Redmi K70E iň gowusy diýlip ykrar edildi. Ikinji ýerde 8/256 GB ýady bolan Redmi Note 12 Turbo, üçünji ýerde 12 GB RAM we 256 GB fleş ýady bolan konfigurasiýada Redmi Note 12T Pro durýar. Bahasy 280 dollardan 420 dollar aralygynda bolan smartfonlardan 12 GB RAM we 256 GB fleş ýady bolan iQOO Neo9 iň gowusy diýlip ykrar edildi. Ikinji we üçünji ýerler 12/256 GB konfigurasiýasynda Redmi K70-e, 16/256 GB konfigurasiýasynda Redmi K60 Ultra degişli boldy. Iň gymmat bahalylaryň (bahasy 560 dollardan gowrak) arasynda 12/256 GB konfigurasiýasyndaky OnePlus 12 iň gowusy diýlip yglan edildi. Ikinji we üçünji ýerlerde iQOO 12 Pro 16/256 GB we Vivo X100 Pro 12/256 GB durýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir