HotCars neşiriniň hünärmenleri ygtybarly awtomobil markalarynyň reýtingini düzdüler. Bu barada tarantas.news habar berýär. Bu sanawda birinji orny Koreýanyň Hyundai konserniniň premial subbrendi bolan Genesis eýeledi. Bu markanyň awtoulaglary ygtybarlylygyň iň ýokary bahasyny aldylar – 10-dan 10. Genesis kompaniýasynyň ähli modelleri diýen ýaly Euro NCAP-dan ygtybarlylygyň 5-ýyldyzly reýtingine eýedir, 2024-nji ýylyň iň ygtybarly modelleriniň hataryna bolsa Genesis G80, Electrified G80, G90, GV60, GV70, Electrified GV70 we GV80 girýär. Iň ygtybarly awtoöndürijileriň sanawynda ikinji orny Ýaponiýanyň Honda konserniniň bir bölegi bolan Acura kompaniýasy eýeledi. Ygtybarlylyk nukdaýnazaryndan iň gowy modeller bolsa Acura Integra, 2023-2024-nji ýyllaryň MDX we RDX awtoulaglary boldy. Liderleriň üçlügini Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy jemledi. Volvo markasynyň ähli ulaglary heläkçilik ähtimallygyny azaltmaga mümkinçilik berýän ösen ulgamlar bilen üpjün edilýär, olardan iň ygtybarly modeller bolsa şulardyr: Volvo XC90, XC90 Recharge, XC60 we XC60 Recharge. Mundan başga-da, neşiriň pikirine görä, iň ygtybarly awtoulag markalarynyň onlugyna Subaru, BMW, Volkswagen, Hyundai, Mazda, Nissan, Ford girdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir