Toyota kompaniýasy öz meşhur RAV4 modeliniň täze neslini çykarmaga taýýarlanýar. Awtomobil XA60 kod adyny aldy we 2026-njy ýylda çykmagy meýilleşdirilýär. Bu barada ixbt.com habar berýär. Indiki Toyota RAV4 häzirki model bilen deňeşdirilende ulaldylan ölçege eýe bolar, kuzowyň uzynlygy, takmynan, 4650 mm ýeter. Awtomobiliň dizaýny iň soňky Toyota C-HR-den ylham alar. Toyota kompaniýasy doly elektrikleşdirme we diňe elektrik güýç gurluşlaryna ünsi jemlemek barada aýtmagyň heniz irdigini belleýär. Häzirki wagtda häzirki hereketlendirijiler spektrini kämilleşdirmegiň üstünde işlenilýär, şonuň üçin täze RAV4 hem içerki ýangyç hereketlendirijili, hem PHEV ýaly gibrid görnüşinde hödürlener. Täze RAV4-üň premýerasynyň iki ýyldan bolmagyna garaşylýar, satuw bolsa 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda başlar. Toyota RAV4 üçin soňky täzelenme 2023-nji ýylyň güýzünde hödürlendi.