Jeýms Kemeron “Awataryň” altynjy we ýedinji bölümleriniň üstünde işleýändigini gürrüň berdi. Bu barada ol “People” neşiriniň žurnalistleri bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Häzir režissýor “Awatar-3-üň” postprodakşn işlerini tamamlaýar, dördünji filmiň surata düşürilişi bolsa ýarym tamamlandy. Mundan başga-da, Disney 2031-nji ýylda kinoteatrlarda “Awatar-5-i” çykarmagy meýilleşdirýär. Kemeronyň aýtmagyna görä, ol bu bölümiň üstünde hem işjeň işleýär. “Biz bäşinji filmi doly ýazdyk, altynjy we ýedinji bölümler üçin hem ideýam bar, ýöne, ähtimal, men şol wagta çenli estafetany geçirerin” – diýip, Kemeron çaklaýar. Kemeron soňky ýyllary diňe “Awatara” sarp edýär, bu hem onuň muşdaklarynyň göwnünden turmaýar. Režissýor şol bir franşizanyň üstünde näme üçin uzak işleýändigi baradaky soragyň özüne ýygy-ýygydan berilýändigini aýdyp, oňa jogap hökmünde kärdeşler bilen ýola goýlan aragatnaşygy ýitirmegiň, töwekgelçilik edip, bu aragatnaşygy kesip biljek hereketi etmegiň zerur däldigini belleýär. Bir ýyl mundan ozal Kemeron žurnal bilen söhbetdeşlikde üçünji we dördünji bölümleriň arasynda wagt taýdan alty ýyl böküşiň boljakdygyny aýtdy. Gahrymanlaryň mümkin boldugyndan tebigy garramagy üçin, Kemeron ikinji, üçünji we dördünji filmleri bir wagtda surata düşürmek kararyna geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir