Amazon Prime Video striminginde “Jenap we hanym Smit” atly komediýa romantik trilleriniň birinji möwsümi çykdy. Bu baş keşplerde Bredd Pitt we Anjelina Joli bilen düşürilen adybir filmiň remeýkidir diýip, lenta.ru habar berýär. Täze serialda şouranner, ahyrky epizodyň režissýory we baş keşbi ýerine ýetiriji hökmünde Donald Glower (“Atlanta”) çykyş etdi. Ýene bir baş keşbi aktrisa we ssenariýaçy Maýýa Erskin ýerine ýetirdi. Sekiz bölümlik seriala Pol Dano we Jon Turturro hem gatnaşdy. Original filmdäki ýaly sýužet köpçüligiň öňünde är-aýal bolup görünmäge mejbur bolýan iki professional içalynyň töwereginde ýaýbaňlanýar. Olar pul üçin howply missiýalara gatnaşýarlar. Häzirlikçe serialyň ikinji möwsüme uzaldyljakdygy belli däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir