Apple kompaniýasy özüniň köpden bäri garaşylýan eplenýän enjamyny çykarmaga taýynlanýar. Ferra “MacRumors” web sahypasyna salgylanyp, Onuň relizi iPhone -nyň 20 ýyllygyna gabatlanar, diýmek, 2026-njy ýyla çenli bazara çykar. Hünärmenler täze önümiň iPad Mini-niň ornuny tutup biljekdigini çaklaýarlar. Meýilleşdirilýän ýygnalýan iPhone-nyň ekranynyň diagonaly 7-8 dýuým bolar, bu diňe bir beýleki brendleriň bar bolan ýygnalýan smartfonlary bilen bäsleşmäge däl, eýsem, adaty smartfonlaryň we planşetleriň arasynda-da orun almaga mümkinçilik berer. Enjam innowasion tehnologiýalary we Apple-iň önümlerine mahsus dizaýny özünde utgaşdyrar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir