YouTube Apple Vision Pro garyşyk hakykat garniturasy üçin programma döretmegiň üstünde işleýär diýip, TheVerge portalyna salgylanýan mobile-review.com habar berýär. “Vision Pro-yň işe girizilýändigine diýseň begenýäris we YouTube-yň ulanyjylarynyň Safari-den hoşal bolmagyny üpjün etmek arkaly, ony goldaýarys. Edil häzir anyk meýilnamalarymyz ýok, ýöne Vision Pro programmasynyň ýol kartamyzda bardygyny tassyklap bileris "- diýip, kompaniýanyň wekiliniň habarynda aýdylýar. Portalyň awtorlarynyň bellemegine görä, ilkibaşda YouTube, Spotify we Netflix Vision Pro-nyň satuwy başlamazdan öň öz programmalaryny goýbermekden ýüz öwürdiler. TheVerge-iň çak etmegine görä, Kristian Seligiň Juno programmasynyň Vision Pro -da YouTube üçin meşhurlygynyň artmagy sebäpli üýtgän bolmagy mümkin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir