Kataryň milli ýygyndysy öz ýurdunda geçirilýän futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ýarym final oýnunda Eýranyň toparyny ýeňdi. Duşuşyk ýaryşyň ýer eýeleriniň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Ýassim Gaber (17-nji minut), Akram Afif (43) we Almoez Ali (82) gollary derwezä girizdiler. Eýranyň düzüminde Italiýanyň «Roma» klubunyň türkmen gelip çykyşly hüjümçisi Serdar Azmun (4) hem-de Alireza Jahanbakhş (51) tapawutlanmagy başardylar. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň esasy wagtyna goşmaça minutlarda eýranly goragçy Şoja Halilzade gyzyl duýduryş aldy. Katarlylar ýaryşyň häzirki çempionlarydyr, iordaniýalylar bolsa ilkinji gezek finalda oýnar. Duşuşyk 10-njy fewralda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir