Hyundai awtoulag öndürijisi özüne degişli Hyundai we Kia brendleriniň önümçilige başlandan bäri 1,5 milliondan gowrak elektrik ulagyny satandygyny habar berdi. Bu barada mobile-review.com portaly habar berýär. Görkezilen mukdaryň bir böleginiň geçen ýyl satylandygy bellendi. Hyundai bilen Kia elektrikli awtoulaglary ösdürmek we öndürmek üçin köp maýa goýýarlar hem-de olaryň model hataryny giňeltmegi dowam etdirýärler. Hyundai kompaniýasy 2011-nji ýylda özüniň ilkinji BlueOn elektrik awtoulagyny çykarypdy. Geçen ýyl bu konsern jemi 516 müň elektrik ulagyny satdy; olaryň 80%-iniň daşary ýurt bazarlarynda satylandygy bellendi. Hyundai Kona, Hyundai Ionic 5, Kia Niro we Kia EV6 konserniň iň meşhur elektrik modelleri boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir