«Formula – 1» awtoulag ýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy we toparlar täze ulaglaryny tanyşdyrýarlar. Olaryň ilkinjileri «Haas», «Williams» we «Sauber» toparlary boldy. Ýaryş ulaglaryny tanyşdyrmagyň tertibi boýunça ilkinji bolup «Haas» amerikan topary tapawutlandy – ol hemişekisi ýaly, ulagyny internetde sanly render görnüşde görkezdi. Toparyň hemaýatkärleri we hyzmatdaşlary üýtgemedi, şonuň üçin ýaryş ulagynyň reňklerinde düýpli üýtgeşmeler ýok: reňkler henizem ak we gara. «Haas» toparynyň hakyky ýaryş ulagy 11-nji fewralda Britaniýanyň Silwerstuon şäherinde barlagdan geçende görkeziler. Öňki möwsüm «Alfa Romeo» bolan we ýakyn wagtda «Audi» boljak öňki «Sauber» topary täze ulagyny 9-njy fewralda Barselonada barlamagy we derrew möwsümden öňki synaglar üçin Bahreýne ibermegi meýilleşdirýär, ulag şol ýerde hemmeler bilen bilelikde 2024-nji möwsüme girişer. Beýik Britaniýanyň «Williams» topary Nýu-Ýorkda – esasy hemaýatkärleriniň biri bolan «Puma» kompaniýasynyň flagman dükanynda täze ulagyň keşbini görkezdi. Umuman, düýpgöter dizaýn üýtgeşmeleri ýok, hyzmatdaşlaryň sany artmady, diňe täze hemaýatkär – maşyngurluşyk ägirdi «Komatsu» goşuldy. Şol bir wagtyň özünde, Manhettendäki dükanda toparyň wekilleri sergi maksatly ýaryş ulagyny görkezdiler, emma «Williams» toparynyň «FW46» diýlip atlandyrylan täze ulagyň gutarnykly nusgasy diňe Bahreýnde möwsümden öňki synaglarda görkeziler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir