«Samsung» korporasiýasy ähli telewizorlarynda «Google-yň» ses kömekçisini öçürer. Bu barada lenta.ru «GizmoChina» neşirine salgylanyp habar berýär. Žurnalistler brendiň telewizorlaryny ulanmak baradaky täzelenen şertnama bilen tanyşdylar. Materialda 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap «Google Assistant» ses kömekçisiniň ähli akylly telewizorlardan aýryljakdygy aýdylýar. Bu düzgün täze enjamlara we häzirki wagtda ulanylýan telewizorlara degişlidir. «Samsung» ilkinji gezek ses kömekçisini 2020-nji ýylda öndürilen telewizorlara girizdi. Häzirki wagtda wirtual kömekçi 2020-2022-nji ýyllarda öndürilen «Crystal UHD», «Lifestyle», «QLED» modellerinde bar. Korporasiýa telewizorlaryň haýsy sebäplere görä möhüm funksiýalardan mahrum ediljekdigini kesgitlemedi. Bellenilmegien görä, telewizor öndüriji iri kompaniýalaryň hemmesi – «LG», «Sony», «TCL» we «Hisense» – «Google Assistant» ulgamyny goldamagy dowam etdirýärler. Ýaz aýlaryndan başlap, «Samsung» enjamlarynyň eýeleri beýleki ses kömekçilerini ulanmaga mejbur bolarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir